BIZNES

Türkmenistanda sementiň täze görnüşi öndüriler

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň sement zawodlarynda sementiň täze görnüşlerini öndürmek barada hasabat berildi.

Häzirki wagtda senagat pudagy milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Gurluşyk materiallary senagaty hem ýokary depginde ösýär. Ýerli çig mal serişdeleriniň netijeli ulanylmagy diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýan gurluşyk serişdeleriniň dürli görnüşlerini çykarmaga mümkinçilik berýär.

Döwrüň talabyny nazara almak bilen, ýurdumyzyň senagat pudagynyň öňünde möhüm wezipe — ýerli gurluşyk bazaryny ýokary hilli senagat harytlarynyň zerur bolan möçberi bilen üpjün etmek wezipesi goýuldy.

Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty bilen bilelikde sementiň önümçiliginde aktiw mineral goşundylaryny ulanmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda eýýäm 400-G20-K görnüşli portlandsement öndürilýär. Mundan başga-da, 500-G20-K görnüşli sementiň önümçiligini ýola goýmak boýunça işler alnyp barylýar. Bu önümçilik üçin zerur bolan aktiw mineral goşundy — bazalt porfiritleri Balkan kän müdirliginiň hasabynda duran «Ufra» ýatagyndaky dag jynslaryndan alynýar. Bu minerallar fiziki-himiki häsiýetleri bilen tapawutlanyp, ýokary hilli sement çykarmaga mümkinçilik berýär.

Sementiň ýokarda agzalan görnüşleriniň önümçiliginiň ýola goýulmagy zawodlarda ýokary hilli sementiň öndürilýän mukdaryny 20 göterime çenli artdyrmaga mümkinçilik berer.

Ýene-de okaň

Täjigistanyň Ilçisi Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri bilen duşuşdy

Türkmenistan Gazagystana elektrik energiýasyny ibermäge taýýar

Türkmenistanyň SPЕKA ýurtlary bilen haryt dolanyşygy 2,2 mlrd ABŞ dollaryndan geçdi

Türkmenbaşydaky zawodda 4 milliondan gowrak nebit gaýtadan işlenildi

Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 100 milliard ABŞ dollaryndan geçdi

«Ýaşyl» ösüş boýunça tejribe alşyldy

Ata Watan Eserleri