JEMGYÝET

Türkmen bedewiniň milli baýramynyň hormatyna dabaralar

Ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy giňden bellenildi, şanly baýramyň hormatyna şu gün Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda esasy wakalar ýaýbaňlandy.

Ir bilen bu ýere türkmenistanlylaryň müňlerçesi ýygnandylar, bu toplum baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin ägirt uly sahnalaşdyrylan meýdança öwrüldi. Ahalteke bedewi milli medeniýetiň, türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň dabaralanmagyny alamatlandyran köpöwüşginli tomaşanyň baş gahrymany boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy artistler behişdi bedewlerimizi wasp edýän aýdym bilen garşylaýarlar. Şeýle hem bu ýerde amaly-haşam sungatynyň sergileri gurnalyp, onuň çäklerinde ak öýler dikilipdir, owadan halylar düşelen sekileriň üstünde eli çeper gelin-gyzlarymyz öz döredijilik işlerini görkezýärler, bagşylar halk aýdymlaryny we sazlaryny ýerine ýetirýärler.

Türkmenistanda gadymy däpleri bolan at çapyşyklary bolsa häzir hem ozalkysy ýaly uly meşhurlykdan peýdalanýar. Münberde oturan janköýerleriň, tele we foto kameralarynyň dykgat bilen syn eden ýaryşlary iki sagatdan hem gowrak dowam etdi. At çapyşyklary, hakykatdan-da, türkmen halkynyň şan-şöhraty we buýsanjy bolan behişdi bedewleriň ýyndamlygynyň özboluşly senasyna öwrüldi.

I At Çapyşyk

1600 metr aralykda geçirilen birinji at çapyşyga goşulan bedewleriň ýaryşynda iň gowy wagty—çapyksuwar D.Agamyradowyň çapan, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy M.Agamyradowyň seýislän Kararym diýen aty görkezdi. nyň Kararym diýen dor aty bellenilen aralygy 1 minut 48,1 sekuntda geçip, pellehana ilkinji bolup geldi. Birinji çapyşygyň ýeňijisine maliýe-ykdysady toplumyň adyndan baýrak hökmünde 20 müň amerikan dollary gowşuryldy.

II At Çapyşyk

1800 metr aralykda geçirilen ikinji çapyşyga üçýaşar atlar goşulyp, şonda bellenilen aralygy 1 minut 44,2 sekuntda geçmegi başaran Köpetdag atly gara ata taý gelen bedew bolmady. Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine degişli bolan bedewiň seýsi K.Hydyrow, çapyksuwary J.Hydyrow. Ikinji çapyşykda birinji orny eýelän ýeňijä Nebitgaz toplumyndan 20 müň amerikan dollary baýrak gowşuryldy.

III At Çapyşyk

Üçünji çapyşyk hem 1800 metr aralykda geçirilip, şonda Türkmenistanyň halk atşynasy M.Muhammedowyň seýislän hem-de çapyksuwar A.Hojanepesowyň çapan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Abraýym atly gara at 2 minut 3 sekunt wagt bilen pellehanadan birinji bolup geçdi. Üçünji çapyşygyň ýeňijisine ýurdumyzyň Söwda toplumynyň adyndan 20 müň amerikan dollary baýrak gowşuryldy.

IV  At Çapyşyk

Dördünji çapyşykda-da bedewler 1800 metr aralyga ýaryşa goşuldylar. Üçýaşar atlaryň arasynda ýaýbaňlanan ýiti bäsleşigiň netijesinde, , Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Bäherden atçylyk toplumyna degişli Dorbürgüt diýen dor at 1 minut 56,8 sekunt wagt bilen geçip, bäsleşigiň ýeňijisi boldy. Onuň seýsi B.Muhammedow, çapyksuwary bolsa 3-nji derejeli çapyksuwar Y.Saparow. Dördünji çapyşykda pellehanadan birinji bolup geçene Ulag we kommunikasiýa toplumynyň adyndan 20 müň amerikan dollary baýrak gowşuryldy.

V At Çapyşyk

Nobatdaky bäşinji çapyşyk dört we uly ýaşar atlaryň arasynda 2200 metr aralyga geçirildi. Bäsleşik örän ýiti we dartgynly ýagdaýda geçip, aýlawyň tomaşaçylarynyň şowhunyny al-asmana göterdi. Çekeleşikli geçen bu ýaryşyň netijesinde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Gaýyp diýen gyr at pellehana birinji bolup gelip, ol bellenilen aralygy 2 minut 34,1 sekuntda geçdi. Onuň seýsi Türkmenistanyň halk atşynasy M.Muhammedow, çapyksuwary A.Ataýew.

Bu çapyşygyň ýeňijisine Gurluşyk we senagat toplumynyň adyndan 20 müň amerikan dollary baýrak gowşuryldy.

VI  At Çapyşyk

Soňky iki çapyşyk iň uzak bolan 2400 metr aralykda geçirilip, ol dört we uly ýaşar atlaryň arasynda has güýçli atlary kesgitledi.

Altynjy çapyşykda Türkmenistanyň Baş prokuraturasyna degişli Gujurly diýen dor at bellenilen aralygy 2 minut 36,2 sekuntda geçip, ýeňiji boldy. Ony toýa seýis H.Babalyýew taýýarlady, çapyksuwary bolsa 3-nji derejeli çapyksuwar B.Babalyýew. Ýeňiji bolana Oba hojalyk toplumynyň adyndan 20 müň amerikan dollary baýrak gowşuryldy.

VII At Çapyşyk (Jemleýji Çapyşyk)

Jemleýji ýedinji toý çapyşygynda öz ýyndamlygynyň has ýokarydygyny Türkmenistanyň halk atşynasy K.Agamyradowyň seýislän, ussat çapyksuwar B.Agamyradowyň çapan, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli Dorgunan atly dor aty görkezdi. Bu at bellenilen aralygy 2 minut 45,8 sekuntda geçmegi başardy.

Jemleýji baýramçylyk çapyşygynyň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragy — 30 müň amerikan dollary gowşuryldy.

Baýrak Gowşurylyş Dabarasy

Soňra baýramçylyk bäsleşikleriniň – şu günki at çapyşyklarynyň, uzak aralyga hem-de päsgelçilikden bökmek (konkur) görnüşi boýunça ýaryşlaryň ýeňijilerine döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Ahalteke bedewleri dünýä atçylygynyň taryhynda uzak aralyklara geçirilen ýörişlere gatnaşmak bilen hem şan-şöhrata eýe boldular. Olaryň görkezen netijeleriniň köpüsini häzire çenli gaýtalamak başartmaýar.

Uzak aralyga geçirilen ýaryşyň menzili 60 kilometre deň boldy. Türkmen bedewleri ýolda diňe ýyndamlygyny däl, eýsem, sport çydamlylygyny hem görkezdiler.

Şunda iň gowy netijäni — 2 sagat 57 minut 10 sekundy– 2012-nji ýylda doglan Gurgun we Dessan atlarynyň nesli Gadyrly diýen gara at görkezdi. Ony M.Meläýew çapdy. Ýeňijä 20 müň amerikan dollary baýrak berildi.

Ahalteke bedewleri diňe däbe öwrülen at çapyşyklarynda däl-de, eýsem, atly sportuň beýleki görnüşlerinde hem, şol sanda konkurda hem ajaýyp netijeleri görkezýärler.

Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde atlaryň päsgelçilikden bökmek (konkur) görnüşi boýunça ýakynda geçirilen bäsleşik barada aýdylanda, Altynhan diýen bedew 51,1 sekunt wagt görkezip, ýeňiji boldy. Onuň türgeni bolup Ý.Garajaýew çykyş etdi. Ýeňijä 20 müň amerikan dollary baýrak gowşuryldy.

Ýene-de okaň

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Duşenbe şäherinde türkmen-täjik syýasy geňeşmeler geçirildi

Türkmen kinosy Germaniýada görkezildi

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys