MEDENIÝET

23-nji aprelde Haluk Leventden paromda konsert

23-nji aprelde Türkiýe Respublikasynda Milli özygtyýarlylyk we çagalar güni bellenilip geçilýär. Şu ýyl bu baýramçylygyň 100 ýyllygynyň çäginde Haluk Levent İzmir aýlagynyň gämi duralgasynda konsert berdi.

Izmir şäher häkimliginiň topary we Izmir aýdym-saz toparlary günüň dowamynda bäş dürli awtobusda şäheri aýlanyp, konsert maksatnamasy bilen çykyş etdiler. Izmir şäheriniň raýatlary öýleriniň balkona çykyp, bu topary alkyşladylar.

Aýdymçy Haluk Levent 23-nji aprelde Izmiriň ýaşaýjylaryna söýgüli aýdymlaryny awtoulag paromynda ýerine ýetirdi we jemgyýetçilik tory arkaly ýaýlyma berdi. Häzirki wagtdaky kynçylyklar sebäpli konserte giç başlandyklaryny mälim eden Haluk Levent bu konsertiniň şanly senä bagyşlandygyny belläp geçdi.

Ýene-de okaň

Moskwada Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Azerbaýjanyň Medeniýet günleri geçiriler

Bedewleriň halkara çäreleri üçin döwlet topary döredildi

Iýun aýy: Azerbaýjanyň medeniýet günleri we beýleki halkara günler

Türkmen halysynyň baýramy giňden bellener

Türkmenistan Ermenistanda 5-nji Halkara senetçilik festiwalyna gatnaşdy