JEMGYÝET

Ýokanç keselleriň öňüne almakda maslahatlar

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça birnäçe maslahatlary okyjylaryň dykgatyna ýetirýär.

— sagdyn durmuş ýörelgelerine eýeriň: gowy ukyňyzy alyň, dogry we kadaly iýmitleniň, gün tertibiňizi dogry düzüň hem-de bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň;

— arassaçylyk düzgünlerini berk we doly berjaý ediň;

— şahsy gigiýenany berjaý ediň;

— elleriňizi ýygy-ýygydan sabynlap gowy ýuwuň;

— öý we iş otaglaryny wagtal-wagtal ýelejirediň, penjireleri açyp, howasyny çalşyň;

— otaglarda zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen arassaçylyk işlerini yzygiderli geçiriň;

— otaglarda üzärlik tütediň;

— burun boşlugyna oksolin melhemini çalyň;

— eger size kesel ýokuşan bolsa, haýal etmän maşgala lukmanyňyza ýüz tutuň we onuň bellän bejergisini gyşarnyksyz kabul ediň;

— lukman bilen maslahatlaşman, özbaşdak derman serişdelerini, esasan-da, antibakterial serişdeleri kabul etmäň;

— köpçülik ýerlere barmakdan saklanyň;

— üsgüreniňizde, asgyranyňyzda agzyňyzy we burnuňyzy elýaglyk bilen ýapyň;

— ulanylan elýaglyklary ýuwup, gaýdanyň we ütükläň;

— siziň maşgala agzalaryňyzdan biri ýiti respirator keseli bilen kesellän bolsa, onda ony mümkinçilik bolan ýagdaýynda aýratyn otaga ýerleşdiriň;

— näsagyň bolýan otagyny aram-aram şemalladyp duruň, zyýansyzlandyryş serişdeleri bilen arassaçylyk işlerini geçiriň;

— näsagyň aýratyn gap-çanagynyň bolmagyny, olaryň gowy ýuwulmagyny we gaýnag suw bilen çaýkalmagyny berjaý ediň;

— näsaga seredeniňizde agzyňyzy we burnuňyzy dört, alty gatly hasa örtügi bilen ýapyň. Hasany günüň dowamynda çalşyp, ýuwuň we ütükläň;

— ýiti respiratory ýokuşan bolsa, limonly çaýy, bally ýyly süýdi, mineral suwy, Türkmenistanda ösýän dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary günüň dowamynda kabul ediň.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen BMG täze resminamalara gol çekişdi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Ýusuf Azmun: täze kitap iňlis we türkmen dili üçin gymmatly gollanma

Donald Tramp Türkmenistanyň Prezidentini Nowruz baýramy bilen gutlady

Gruziýa türkmen gazyny we nebitini üstaşyr geçirmekde goldaw bermäge taýýar

Türkmenistan Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň Müdiriýetiniň mejlisine gatnaşdy