BIZNES

Her ulagdan 86 müň ýewro peýda gördi

Awtoulag dünýäsiniň läheň wekilleriniň biri bolan «Ferrari» kompaniýasy geçen ýyl dünýä bazarynda her bir satan ulagyndan 86 müň ýewrodan gowrak peýda gördi. Bu barada «Motor» neşiriniň habarynda aýdylýar.

Aslynda, Ýer ýüzünde geçen ýyl awtoulag söwda biraz pese düşdi. Muňa garamazdan, kompaniýalar üçin 2019-njy ýyly şowsuz ýyl hökmünde häsiýetlendirip bolmaz. Çünki «Fiat Group Worlduň» hasabatlaryna görä, «Ferrari» kompaniýasy Ýer ýüzünde satylan 10 131 sany super awtoulagyň her birinde 86 müň ýewro girdeji aldy. Şeýlelikde, kompaniýa her bir ulagdan 23,2 göterimlik peýda gördi.

Bu üstünligiň esasy sebäbi hökmünde kompaniýanyň täze tehnologiýalara has köp üns berip, olardan netijeli peýdalanyp bilýändigi görkezilýär.

Kompaniýa her ulagdan 86 369 ýewrolyk peýdany 2018-nji ýylda hem görüpdi. Bu girdeji onuň bäsdeşleri üçin diňe arzuw. Çünki şunça mukdardaky arassa girdeji almak üçin BMW 30, VW 56, «Mercedes-Benz» 67, «Ford» 908, «Nissan» bolsa 928 ulag satmaly bolýar.

Related posts

 Täze binalaryň tas­la­ma­sy­ny düz­mek we gur­mak bo­ýun­ça bäs­le­şik

Ata Watan Eserleri

Daşkentde türkmen-özbek ykdysady forumy geçirildi

Russiýa Hytaýa tebigy gaz ibermek mümkinçiligi artdyrýar