DÜNÝÄ

30 ýyldan soňra Gimalaýy gördüler

Hindistanda 23-nji martda yglan edilen karantin howanyň täzelenmegine sebäp boldy. Şeýlelikde, Penjab welaýatynyň ýaşaýjylary soňky 30 ýylyň içinde ilkinji gezek Gimalaý daglarynyň depesini görüp bildiler.

Dagdan 200 kilometr uzaklykda ýerleşýän Jalandhor şäherinde we oňa ýakyn obalarda ýaşaýanlar sosial torlardaky sahypalarynda dagyň suratyny paýlaşdylar. Suratlaryň gapdalyndaky teswirlerde bolsa uzak ýyllaryň dowamynda dagy görmändikleri aýdylýar.

Manjit Kang atly bir ulanyjy bolsa: «Gimalaýy 30 ýylyň içinde ilkinji gezek görýärin. Bu örän täsin» diýip ýazdy.

Ýurtda awtoulaglaryň hereketi we senagat kärhanalaryndaky işler çäklendirileli bäri howa düýpgöter üýtgedi. Hindistanyň ekologiýasyna gözegçilik edýän merkezi geňeşden berilýän maglumatlara görä, karantin howanyň 44 göterim täzelenmegine getiripdir. Eýýäm ilkinji hepdede 85 şäherde howanyň tämizlenendigi duýuldy.

Ýene-de okaň

Türkmen wekiliýeti Halkara Zähmet Guramasynyň Baş direktory bilen duşuşdy

BMG-niň Baş Assambleýasynyň täze başlygy saýlandy

Ankara şäherinde Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy welosipedli ýörişi gurnady

Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli Milli tokaý maksatnamasy tassyklandy

Türkmen-gyrgyz parlamentara gatnaşyklary maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň wekiliýeti Baku Energiýa hepdeligine gatnaşýar