Sungatyň muşdaklaryna paýtagtymyzyň tomaşa jaýlarynda şu hepdäniň dynç alyş günlerinde hem gyzykly tomaşalar garaşýar. Bular barada «Edebiýat we sungat» gazetiniň şu günki ― 10-njy apreldäki sanynda şeýle habar berilýär:
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatrynda 11-nji aprelde «Söýgi hem mekirlik», 12-nji aprelde «Saňa ýalan, maňa çyn» atly oýunlar görkeziler. Sahna eserleriniň ikisi hem agşam sagat 19-da başlanar.
TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY MILLI SAZLY-DRAMA TEATRYNDA 11-nji aprelde «Tulpar gyz», 12-nji aprelde «Bir Selbiniň yşkynda» atly oýunlar görkeziler. Bu eserler hem agşam sagat 19-da başlanar.
TÜRKMENISTANYŇ ALP ARSLAN ADYNDAKY MILLI DRAMA TEATRYNDA 11-nji aprelde «Söýgi duralgasy», 12-nji aprelde «Hak aşyklar» atly oýunlara tomaşa edip bilersiňiz. Oýunlaryň başlanýan wagty agşam sagat 19.
A.S.PUŞKIN ADYNDAKY DÖWLET RUS DRAMA TEATRYNDA iki gün hem iki eser görkeziler. Has takygy 11-nji aprel güni gündiz sagat 12-de çagalar üçin «Bremenli sazandalar», agşam 19-da bolsa ulular üçin «Bäş agşam» atly sahna eserleri bolar. 12-nji aprelde bolsa gündiz 12-de «Dýuýmjagaz», agşam 19-da «Ene ýüregi» atly eserlere tomaşa edip bilersiňiz.
TÜRKMENISTANYŇ MOLLANEPES ADYNDAKY TALYPLAR TEATRYNDA 11-nji aprelde «Lir», 12-nji aprelde «Ýediň enesi» atly eserler görkeziler. Oýunlaryň ikisi hem agşam sagat 19-da başlanar.
TÜRKMEN DÖWLET GURJAK TEATRYNDA hem her güne iki eser meýilleşdirildi. Eger siz «Bir we iki» atly gyzykly tomaşa ozal tomaşa etmedik bolsaňyz, onda bu eser 11-nji aprel güni gündiz sagat 12-de ýene bir gezek görkezilýär. Şol gün agşam sagat 19-da bolsa «Çagaly öý bazar» atly başga bir gyzykly oýun başlar. Tetaryň 12-nji apreldäki meýilnamasynda gündiz sagat 12-de «Altyn jüýje», agşam 19-da bolsa «Jüýteniň toýy» atly eserler bar.
TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SIRKINDE bolsa iki gün hem gyzykly tomaşalar garaşýar. «Täsin, şowhunly çykyşlar» diýlip atlandyrylýan tomaşalar 11-nji aprelde 18:00-da. 12-nji aprelde 16:00-da başlanar.