BILIM

«Ýaşlyk» teleýaýlymy : Mekdep we institut bilim maksatnamasyny sanly ulgama ornaşdyrmak

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçiren sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň üç aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň başyndan bäri dürli medeni çäreler, şol sanda sergiler, duşuşyklar, döredijilik bäsleşikleri, baýramçylyklara hem-de şanly senelere bagyşlanan aýdym-sazly dabaralar geçirildi, «Türkmenistanda Medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp baryldy.

Ýylyň başyndan bäri Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan kitap önümleriniň 86 görnüşi çap edildi. Dürli ulgamlarda gazanylýan uly üstünlikleri, özgerişleri metbugat sahypalarynda, teleradioýaýlymlarda beýan etmek işleri alnyp baryldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýer B.Abdyýewa, metbugat we teleradioýaýlymlaryň ýolbaşçylaryna teleradiogepleşikleri we makalalary taýýarlamagyň derejesini ýokarlandyrmagyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak meselesine uly üns berilmelidigini aýdyp, şu maksat bilen, teleýaýlymlaryň birini, meselem, «Ýaşlyk» teleýaýlymyny mekdep hem-de institut bilim maksatnamasynyň sapaklaryny, ykdysadyýetde we beýleki ugurlarda sanly ulgamy ornaşdyrmagy öwretmek hem-de kompýuter sowatlylygyny öwretmek boýunça sapaklary görkezmek üçin peýdalanyp boljakdygyny belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ilat üçin arassaçylyk meseleleri we ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça biziň görýän çärelerimiz barada giň düşündiriş işlerini geçirmek hem zerur bolup durýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Müsür: bilim hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Gazagystanyň ýokary bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkmen ýaşlary Halkara Mendeleýew himiýa olimpiadasyndan baýrakly dolandy

Türkmen-gazak bilim gatnaşyklary berkidilýär

Türkmenistan bilen Russiýa bilim hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirýär

Ata Watan Eserleri

Saady Şirazyny hatyralamak gününe bagyşlanyp goşgy bäsleşigi geçirildi