JEMGYÝET

Türkmenistan koronawirusyň ýaýramagyna garşy öz wagtynda çäreler gördi

Düýn  hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Mejlısde Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradowa hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine ýüzlenip, hökümetiň öz wagtynda gören çäreleri netijesinde, Hytaýda koronawirusyň ýaýrandygy barada ýurdumyza habar gelip gowşan dessine, bu ýokanjyň getirilmeginiň we ýaýramagynyň öňüniň alynmagynyň üpjün edilendigini belledi. Sebäbi gyzgynlyk ölçeýji enjamlaryň ulanylmagy bilen, döwlet serhedinde arassaçylyk-karantin gözegçiligi güýçlendirildi.

Hytaý bilen, soňra bolsa, bu ugurda amatsyz ýagdaý ýüze çykan beýleki ýurtlar bilen howa gatnawy çäklendirildi. Daşary ýurtlardan talyplarymyz we raýatlarymyz getirildi.

Beýleki döwletlerden ýurdumyza dolanyp gelen we olar bilen gatnaşykda bolan adamlara lukmançylyk taýdan gözegçilik ýola goýuldy. Şeýle hem ähli daşary ýurt raýatlarynyň ýurdumyza gelmegini wagtlaýyn duruzmak barada karar kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz mundan beýläk hem daşary ýurtlardaky epidemiki ýagdaýy nazara alyp, zerur bolanda, şeýle çäklendiriş çärelerine düzediş girizmek barada görkezme berdi. Kabul edilýän ähli çözgütler diňe ilatymyzyň saglygyny goramaga gönükdirilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy hem-de bu işiň gije-gündiziň dowamynda alnyp barylmalydygyny belledi.

Ýene-de okaň

BMG-niň Awaza forumy: resminamalar toplumyna gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Awaza forumyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary bilen duşuşdy

Özbegistanyň Prezidenti Türkmenistanyň ýokary döwlet sylagy bilen sylaglandy

Awazada Merkezi Aziýa döwletleriniň ýolbaşçylarynyň duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahaty başlady