DÜNÝÄ

«Tokio Olimpiýa oýunlary» geçiriljek wagty mälim edildi

«Tokio 2020»  oýunlary türgenleriň şeýle hem ähli adamlaryň saglyk ýagdaýyny goramak maksady bilen indiki ýyla geçirilendigi hemmelere mälimdir. Halkara Olimpiýa oýunlar komitetiniň ýolbaşçylary 30-njy martda ýagny şu gün geçirilen mejlisde «Tokio Olimpiýa oýunlary» 2021-nji ýylyň iýul aýynyň 23-inden awgust aýynyň 8-i aralygy geçirmek üçin doly karara geldiler. Bu oýunlar indiki ýylda geçiriljekdigine garamazdan «Tokio 2020» diýlip atlandyrylar. Olimpiýa oýunlary taryhda 124 ýyldan soň ilkinji gezek yza süýşürildi. Gurnaýjylar tarapyndan üpjün edilýän transport, meýletinçiler we petek ulgamy indiki ýylda tomusda geçiriljek oýunlara täze maksatlar bilen gadam basarlar. «Tokio 2020» oýunlaryny ýokary derejede geçirmekde giň gerimli işler alnyp barylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan TOPH gaz geçirijisi taslamasyny barha ilerledýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Azerbaýjan: diplomatik gatnaşyklara 34 ýyl doldy

Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy barada

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň CTBTO-nyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde HPG-niň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

Azerbaýjan-Türkiýe-Gruziýa: daşary işler ministrleriniň üçtaraplaýyn duşuşygy