JEMGYÝET

Sebitiň medeni hyzmatdaşlygyna bagyşlandy

Türkmenabat şäher medeniýet öýünde ýurdymyzyň Owganystanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň medeni hyzmatdaşlygyna bagyşlanyp geçirilen dabara köp adamly boldy ― diýip, «Türkmen gündogary» gazeti habar berýär.

Bu uly döwrebap binanyň girelgesinde guralan sergide Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýaşaýan halklaryň milli egin-eşikleriniň, el işleriniň uly toplumy ýerleşdirilipdir. Şeýle-de suratkeş Alymjan Işankulyýewiň orta asyr halklaryň ýaşaýyş durmuşyny beýan edip çeken suratlary sergide aýratyn orny eýeledi. Garagumyň gözelligi bilen birlikde ondan geçýän kerwen ýollarynyň suratlary bu ýere ýygnananlaryň köpüsiniň ünsüni özüne çekdi.

Çärä gatnaşanlar dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Owganystanyň halklarynyň taryhyny giňden açyp görkezýän we bu dostlukly halklaryň şu günki hyzmatdaşlygyny beýan edýän wideoýazgylara hem tomaşa etdiler. Welaýatyň tans toparlarynyň ýerine ýetiren tanslary tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Adalat Kerimowanyň we onuň talyby Sewinç Öwezkulowanyň daşary ýurt kompozitorlarynyň, şeýle hem türkmen kompozitorlarynyň döreden sazlaryny skripkada ýerine ýetirmekleri çäräniň şowhunyny has-da artdyrdy.

Çärä gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Owganystanyň taryhy barada köp zatlary öwrenmek bilen birlikde bu ýurtlaryň we halklaryň medeniýeti, sungaty, däp-dessurlary barada giň maglumatlary özünde jemleýän kitapçalar bilen hem tanyşdylar.

BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi bi len TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda geçirilen bu çäre welaýatyň medeni durmuşynda uly ähmiýete eýe boldy.

Ýene-de okaň

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili bilen duşuşyk

Ata Watan Eserleri

Duşenbe şäherinde türkmen-täjik syýasy geňeşmeler geçirildi

Türkmen kinosy Germaniýada görkezildi

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys