JEMGYÝET

Bütindünýä teatr güni 27-nji martda bellenilýär

Bütindünýä teatr güni 1961-nji ýylda Halkara teatr institutynyň (ITI) IX kongresi tarapyndan döredildi we her ýyl 27-nji martda bu institutynyň merkezleri we halkara teatr jemgyýetleri tarapyndan bellenilip geçilýär. Däp bolşy ýaly, her ýyl bu baýramçylyk “teatr halklaryň arasyndaky parahatçylygy berkitmegiň we özara düşünişmegiň serişdesi hökmünde” diýen şygar bilen geçirilýär.

Halkara teatr institutynyň düzgünnamasyna laýyklykda, “halklaryň arasyndaky parahatçylygy we dostlugy berkitmek, dünýäniň ähli teatr işgärleriniň döredijilik hyzmatdaşlygyny giňeltmek” maksat edinilýär.

Häzirki wagtda Halkara teatr instituty ÝUNESKO-nyň garamagyndaky dünýäniň iň uly hökümete degişli däl guramasydyr. Milli merkezler, sebit geňeşleri we komitetleri dünýäniň 100-e golaý ýurdunda wekilçilik edýär.

“Teatr” sözi gadymy grek sözi “theatron” sözünden gelip çykyp, “tomaşa ýeri” manysyny berýär. Däp bolşy ýaly, teatrda iň meşhur iki žanr oýnalýar – komediýa we tragediýa. Teatr maskalary olaryň nyşanyna öwrüldi.

Ilkinji teatr oýny Müsürde bolup geçipdir. Onda Müsür mifologiýasy janlandyrylypdyr. Bu teatr bilen diniň arasynda uzak we dowamly baglanyşygyň döremegine getirdi. Gadymy Gresiýada teatr sungat hökmünde kemala geldi. Gadymy grek teatr çykyşlarynda mifologiki şekiller hem ulanylypdyr.

Halkara teatr güni diňe bir sahna ussatlarynyň we ähli teatr işgärleriniň halkara professional baýramçylygy däl, bu ähli adamlaryň – millionlarça tomaşaçylaryň baýramydyr.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Eýrana täze ilçi belledi

“Ýewraziýa” kino festiwaly başlady: türkmen kinosy görkeziler

Türkmenistanyň tebigy gazyny Ýewropa ibermegiň ugurlary maslahatlaşyldy

Ata Watan Eserleri

“Galkynyş” gaz käninde tebigy gazyň täze akymy alnyp başlandy

ITTC-2024: halkara ulag forumy geçiriler

Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisine taýýarlyk görülýär