SPORT

30 ýyllyk arzuw hasyl boldy: “Liwerpul” çempion

Mundan 30 ýyl ozal, Angliýanyň milli futbol çempionaty bolan “Premier Ligada” çempion bolan “Liwerpul” topary täzeden çempion bolmak arzuwyna ýetdi. Milli çempionatda ikinji orunda barýan “Mançester Siti” toparynyň “Çelsi” toparyna 2:1 hasabynda ýeňilmeginden soňra “Liwerpul” çempionatyň tamamlanmagyna 7 hepde galandygyna garamazdan, wagtyndan öň çempionlygyny yglan etdi.

Şeýlelikde, “Liwerpul” topary 2019-2020-nji möwsümiň çempiony boldy. “Liwerpul” bilen “Manseçter Siti” toparynyň arasyndaky aratapawut 23 utuga deňdir.

Iň soňky gezek 1990-njy ýylda irlandiýaly tälimçi Kenni Dalglisiň tälimçiliginde çempion bolan “Liwerpul” bu gezek germaniýaly tälimçi Ýürgen Kloppyň ýolbaşçylygynda özüniň ynamly çempionlygyny gazandy. “Liwerpul” topary 19-njy gezek çempion bolup, täze üstünlige ýetdi.

Toparyň üstünlik gazanmagynda ähli futbolçylaryň paýy uludyr. Sadio Mane, Mohammed Salah, Wirjin wan Deýk, Jemýs Milner, derwezeban Alisson Bekker ýaly ähli futbolçylar öz mynasyp goşandyny goşdular.

“Liwerpul” bu çempionlyk ýolunda 44 oýunda utulman geldi. Yzly-yzyna köp sanly ýeňişler gazandy.

“Liwerpul” topary öz taryhyndaky 43-nji kubogyny gazandy we Angliýada bu ugurda birinji orna geçdi. Topar 19 gezek çempion bolup, 7 gezek Angliýanyň kubogyny, 8 gezek Liganyň kubogyny hem-de 9 gezek Ýewropanyň kuboklaryny gazandy.

Bu ugurda ikinji orunda barýan “Mançester Ýunaýted” toparynyň 42 kubogy bar.

53 ýaly nemes tälimçi Klopp 9-njy kubogyny gazandy. Ol Germaniýanyň “Borussiýa” topary bilen Germaniýanyň 2 gezek çempiony boldy. 1 gezek Germaniýanyň kubogyny, 2 gezek Germaniýanyň Superkubogyny gazandy.

Kloppyň ýolbaşçylygyndaky “Liwerpul” bolsa Çempionlar ligasyny, UEFA-nyň Superkubogyny, toparlaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň kubogyny we “Premier liganyň” kubogyny gazandy.

Ýene-de okaň

Messi Ispaniýanyň futbol klubynyň täze eýesi boldy

Döwletjan Ýagşymyradow: göreş — meniň durmuşym

Döwletjan Ýagşymyradow şu agşam tutluşyga çykar

Ata Watan Eserleri

Meşhur futbolçy Hristo Stoiçkow Aşgabatda öz tejribesini paýlaşdy

Awstraliýaly türgen Useýn Boltuň 20 ýyllyk rekordyny täzeledi

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy