Şu gün žurnalistika käri üçin möhüm seneleriň biridir. Tutuş dünýäde 1994-nji ýyldan bäri her ýylyň 3-nji maýynda Bütindünýä metbugat azatlygy güni hökmünde bellenilýär. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndna 1993-nji ýylda degişli Kararnama kabul edildi.
Her ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň bu şanly gününiň hatyrasyna gutlag haty ýaýradylýar. 1997-nji ýyldan bäri BMG-niň esasy düzümleriniň biri bolan ÝUNESKO tarapyndan erkin metbugat ulgamyna goşulýan goşandy sylaglamak maksady bilen baýrak döredilip, şol baýrak žurnalistika işini alyp barýan habarçylara gowşurylýar.
Her ýyl bu günüň hatyrasyna belli bir ugra gönükdirilen başlangyçlar öňe sürülýär. Üstümizdäki ýylyň Bütindünýä metbugat azatlygy gününiň esasy mowzugy emeli intellektiň žurnalistika we metbugata edýän täsiri barada bolup durýar.
Häzirki döwrebap tehnologiýalaryň durmuşymyza giňden ornan döwründe emeli intellekt ýa-da emeli aň ulgamy ähli ugurlara işjeň ornaşdyrylýar. Bu şol bir wagtda metbugat we žurnalistika ulgamyny hem öz içine alýar.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda sanly ulgamyň mümkinçilikleri ösdürilýär. Şeýle mümkinçilikler metbugat ulgamynda hem döredilýär. Ýurdumyzda bolýan täzelikler, habarlar her birimiziň ünsümizi çekýär. Eziz Diýarymyzyň ösüşlerini we ähli ugurlarda gazanýan üstünliklerini bu günki günde çap edilýän gazet sahypalarynda, elektron görnüşde hem okamak bolýar. Bu işde ýurdumyzda çap edilýän we internet ulgamynda hödürlenilýän elektron görnüşli gazet-žurnallar uly orun eýeleýär.
Gadymy döwürlerde hem žurnalistikanyň orny uly bolupdyr. Ýörite hünär hökmünde döränine, öwrenilip gelýänine bäş-alty asyr aşan bolsa-da, žurnalistikanyň kökleri adamzat jemgyýetiniň dörän döwürleri bilen baglydyr. Zähmetiň ösmegi bilen adamlarda biri-birine nämedir bir zatlary aýtmak, habar bermek, maslahat salmak zerurlygy döräpdir. Bu zerurlyk ilki aýak yzlarynyň, soňra belli bir çyzyklaryňdyr şekilleriň many aňlatmaklary, ieroglifler esasynda ýüze çykypdyr.
Häzirki wagtda žurnalistikanyň ähmiýeti has-da artdy. Onuň görnüşleri köpeldi. Metbugat žurnalistikasy, radiožurnalistika, teležurnalistika, fotožurnalistika, internet žurnalistikasy ýaly görnüşleriň täze-täze ugurlary emele geldi.
Žurnalist hemişe gözlegde bolýar. Ol hemişe jemgyýetçilik ähmiýetli wakalary gözleýär, öwrenýär. Žurnalist metbugat üçin ýazýan makalalarynyň, teleradio üçin taýýarlaýan gepleşikleriniň edebi däplerini kämilleşdirip durmaly.