JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwä, Premýer-ministri Mian Muhammad Şahbaz Şarife we ýurduň ähli halkyna milli baýram — Pakistanyň güni mynasybetli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

“Biz Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda köp ýyllaryň dowamynda emele gelen köpugurly gatnaşyklara ýokary baha berýäris” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hatynda nygtady we bu hyzmatdaşlygyň bilelikdäki tagallalar bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de iki ýurduň halklarynyň bähbidine ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Arif Alwä hem-de Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarife berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Pakistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.

Related posts

Milli Liderimiz Azerbaýjanyň ministrini kabul etdi

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» : Täze Perman

Ata Watan Eserleri

Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň baş sekretary bilen duşuşyk

Leave a Comment