SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

17-nji iýundaky awiagatnawyň petekleri satylýar

Russiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň “Telegram” jemgyýetçilik torunda berlen maglumata görä, “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň amala aşyrýan Moskwa ugurly gatnawynyň awiapetekleri satylýar.

Awiapetekler şu gün ýagny, 14-nji iýunda sagat 15:00-da “Türkmenistan” awiakompaniýasynyň Aşgabat şäherindäki kassalarynda satylyp başlandy.

Meýilleşdirilýän gatnaw 17-nji iýunda sagat 10:00-da amala aşyrylar. Biletiň ekonom-klassynyň bahasy 612 dollar. Tölegiň görnüşi boýunça ýolagçylar awiakompaniýadan takyk maglumat alyp bilerler.

Russiýa barýan daşary ýurtly raýatlardan soňky 48 sagadyň dowamynda COVID-19 barlagyndan (PSR-test) geçendigini tassyklaýan resminamasynyň talap edilýändigini ýatladýarys.

 

Tähranda türkmen-eýran iş duşuşyklary geçirildi

Related posts

Türkmenistandan Russiýa nobatdaky ýörite gatnaw

Türkmenistanyň raýatlary üçin Türkiýä wiza düzgüni

“EKSPO-2030” sergisi üçin 3 ýurt dalaşgär

Ata Watan Eserleri