DÜNÝÄ

12-nji awgust Halkara Ýaşlar güni

Halkara Ýaşlar güni BMG-sy tarapyndan giňden bellenilýän baýramçylyklaryň biridir. Bu sene ýaşlaryň medeni we hukuk taýdan kämil bolmaklary maksady bilen geçirilýär.

1999-njy ýylyň 17-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy “Ýaşlar üçin jogapkär ministrleriň bütindünýä konferensiýasynda” 54/120 karary bilen 12-nji awgusty “Halkara ýaşlar güni” diýlip yglan etdi. Halkara Ýaşlar güni ilkinji gezek 2000-nji ýylyň 12-nji awgustynda bellenildi.

2020-nji ýylynda hem Halkara Ýaşlar güni “Global hereketlere ýaşlaryň gatnaşygy” mowzugy esasynda geçirilýär. Bu şanly sene dünýäniň ençeme künjeginde giňden bellenilip geçilýär.

 

Related posts

Türkmen-fransuz ykdysady hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

Türkmenistan Devlet Başkanı, Ulaştırma Bakanı Ahmet Arslan’ı Kabul Etti

vepa

ÝHHG-niň Baş sekretarynyň Türkmenistana sapary guralar