TEHNOLOGIÝA

Ženewa awto sergisi yza süýşürildi

Ýer ýüzünde iň iri awto sergileriniň biri bolan Ženewa awto sergisi wagtlaýynça togtadyldy. 600 müň adamyny özünde jemleýän bu sergi dünýädäki käbir sebäplere görä indiki ýyl geçirilmek meýilleşdirilýär.

Koronawirus pandemiýasy şu güne çenli dowam edýändigine garamazdan, Ženewa awtoulag sergisi barada gepleşikler eýýäm ýaýbaňlandy. Emma gynansakda sergi gurnaýjylary B meýilnamasy esasynda sergini alyp barmagy meýilleşdirýär. B meýilnama esasynda diýildigi bolsa, bu sergi onlaýn arkaly köpçülige ýetiriler.

Aslynda 10 müňden gowrak žurnalisti jemleýän bu serginiň togtadylmagy köp adamyny gynandyrdy. Bu serginiň ýatyrylmagy Şweýsariýanyň hem  ykdysadyýetine hem täsirini ýetirer.

Related posts

ABŞ-da jemgyýetçilik ulaglary tölegsiz bolar

Ata Watan Eserleri

“Google Translate” düzümine 24 sany dil goşdy

Florida kanuny 14 ýaşa ýetmedikler üçin sosial mediany gadagan edýär