JEMGYÝET

Ýurdumyzyň DIM-nde Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň geçirilen sammitiniň jemlerine garaldy

Ýurdumyzyň daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň geçirilen sammitiniň jemleri boýunça metbugat maslahaty geçirildi.

Metbugat maslahatyň dowamynda üç döwletiň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň jemi barada ýüzlenme bilen çykyş etdiler.

Şeýle hem ministrler žurnalistleri sammitde gol çekilen jemleýji resminama bilen tanyşdyrdylar.

Şeýle hem geçirilen ýokary derejedäki sammit gatnaşyjy üç ýurduň we tutuş sebitiň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly binýady döretjekdigi bellenildi.

Related posts

Migrasiýa : Türkmenistana gelmek we Türkmenistandan gitmek

vepa

Türkmengaz Devlet Holding Başkan yardımcısı değişti

vepa

UNFPA-nyň Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory bilen duşuşyk geçirildi

Leave a Comment