BIZNES

Ýurdumyzda oýnawaç öndürýän kärhanalar dörediler

Türkmenistanda pudaklary döwrebaplaşdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň öndürilişiniň mukdaryny artydyrmak, içerki bazary ýurdumyzda öndürilýän, daşary ýurtlaryň degişli harytlary bilen üstünlikli basleşip bilýän, ýokary hilli harytlar bilen doldurmak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde berlen hasabata görä, çagalar üçin oýnawaçlary öndürmek üçin çäreler göz öňünde tutulýar. Birinji tapgyrda Aşgabat şäherinde ýumşak oýnawaçlary öndürmek boýunça öňdebaryjy enjamlar bilen enjamlaşdyryljak kärhanany döretmek göz öňünde tutulýar.

Şonuň bilen birlikde dünýä tejribesini öwrenmek, hünärmenleri taýýarlamk boýunça işler dowam edýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynyň öňünde öndürilýän önümleri artdyrmak, täze ýokary tehnologiýaly toplumlary kemala getirmek, ýerli çig mal serişdelerini netijeli ulanmagyň esasynda dürli we bäsdeşige ukyply önümleri öndürmek babatda kärhanalary döretmek boýunça möhüm wezipeleriň goýlandygyny aýtdy.

Related posts

Toplam değeri 5 milyar dolarlık 202 tesis açıldı

vepa

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda dellallyk

Ata Watan Eserleri

Jorap önümlerine daşary ýurtlarda isleg artýar

Ata Watan Eserleri