JEMGYÝET

Ýulduz Usmanowa we Dimaş Awazada aýdym aýtdy

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen  Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň sungat ussatlarynyň dabaraly baýramçylyk konserti boldy.

Oňa  Oňa Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Japarow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.

Sebitiň ýurtlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti uly gyzyklanma döretdi. Konsertde sebit ýurtlarynyň folklor-etnografik toparlary we estrada aýdymçylary çykyş etdiler.  Olar milli aýdymlaryny we tanslaryny ýerine ýetirip, sebit halklarynyň medeni ýakynlygyny emele getirdiler.

Konsertde Özbegistanyň meşhur aýdymçysy Ýulduz Usmanowa hem-de Gazagystanyň soňky döwürlerde meşhurlyk gazanan ýaş aýdymçysy Dimaş Kudairbergen öz aýdymlary bilen çykyş etdiler.

Sebit ýurtlarynyň baýramçylyk konserti asmana atylan feýerwerk bilen tamamlandy.

 

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli tagamlarynyň sergisi geçirildi

 

Related posts

Milli bahar baýramy uly dabaralara beslendi

Dünýäniň iň kiçi telefony – “Zanco Tiny T2”

vepa

Neşiriň taryhynda ilkinji gezek