DÜNÝÄ

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak toparynyň mejlisi geçiriler

Türkmenistanyň Hökümeti bilen Slowakiýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşygy ýerine ýetirmek hem-de Türkmenistan bilen Slowakiýa Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň türkmen bölegi döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisini geçirmek boýunça alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu topary döretmek we onuň birinji mejlisini geçirmek boýunça zerur çäreler görülýär. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň mejlisinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk we maglumat tehnologiýalary, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş, lukmançylyk ylmy, bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk ulgamlary bilen bagly meseleler barada pikir alyşmak göz öňünde tutulýar.

Related posts

“Türkhowaýollary” diňe 5 ugra halkara gatnawyny amala aşyrar

Awazada deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň ulag ministrleriniň maslahaty geçiriler

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň garry är-aýaly nika toýunyň 80 ýyllygyny belledi

vepa