DÜNÝÄ

ÝHHG-niň başlygynyň Merkezi Aziýa sapary

Şwesiýanyň daşary işler ministri Ann Linde Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) başlygy hökmünde Merkezi Aziýa ýurtlarynda saparda bolýar. Bu barada Şwesiýa Patyşalygynyň Daşary işler ministrliginiň internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Şwesiýanyň daşary işler ministri Ann Linde 11-15-nji aprel aralygynda Merkezi Aziýa saparynyň çäklerinde Täjigistanda, Özbegistanda, Gazagystanda we Gyrgyz Respulikasynda saparda bolýar. Ann Linde saparynyň çäklerinde bu ýurlaryň degişli ýolbaşçylary bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hem-de ÝHHG bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşar.

Şwesiýanyň daşary işler ministri Ann Linde Merkezi Aziýa saparynyň çäklerinde Gazagystanda gepleşikler geçirdi.

 

Saýtymyzyň 1-njiligi daşary ýurt metbugatynda

 

Related posts

Ýanwar-oktýabr aýlary: Türkmenistanyň Kanunlarynyň 42-si kabul edildi

Aşgabatda Hytaýyň döredilmeginiň 76 ýyllygyna bagyşlanan dabara geçirildi

Ata Watan Eserleri

Aşgabat atçylyk sport toplumynyň durkuny täzelener