TEHNOLOGIÝA

Ýeke gezeklik zarýad bilen 250 km uçan taksi

Ýakynda birnäçe kompaniýa öz uçýan taksi hyzmatlarynyň üstünde dürli uçuş synaglary hem geçirdi.

Käbir uçýan taksiler häzirki wagtda ýolagçylary daşamaga taýyn bolsa-da, düzgünleşdiriji düzgünler we alyp bolmaýan rugsatlar häzirlikçe bu transportyň öňüni alýar.

Bu kompaniýalardan biri “Autoflight” aralyk rekordyny bozandygyny mälim etdi.

Kompaniýa “Prosperity” atly uçýan taksi prototipi bilen ýokarda agzalan rekordy täzeledi.

“Prosperity-1” bir zarýadda 250,64 km uçup, bu ugurdaky rekordy täzeledi we lider “Joby Awiasiýadan” öňe geçdi.

“Autoflight Prosperity” ulagynyň dizaýnynyň aňyrsynda “Ford”, “BMW”, “Mini”, “Ferrari”, “Maserati”, “Fiat”, “Lancia”, “Alfa Romeo” we “MakLaren” bilen işleýän awtoulag dizaýneri Frank Stiwenson bar.

Related posts

Türkiýäniň ilkinji astronawty gaýdyp geldi

Aşgabat – Ýolöten awtobus gatnawy ýola goýulýar

Kilimanjaro dagyna internet çekildi

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment