JEMGYÝET

Wladimir Zelenskiý türkmen halkynyň Milli Liderini doglan güni bilen gutlady

Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiý türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady. 

Bu gutlag hatynda şeýle diýilýär:

Sizi doglan günüňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Size berk jan saglyk, rowaçlyk, egsilmez güýç-kuwwat, alyp barýan köpugurly döwlet işiňizde täze üstünlikleri arzuw edýärin.

Ukraina bilen Türkmenistanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň döwletlerimiziň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlyk üçin mundan beýläk-de berk binýat bolup hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Related posts

“Arkadag şäheri-ylham gözbaşy”

“Makul habar” elektron gazeti (39-sany)

Ata Watan Eserleri

Arkadag şäherindäki binalara görnükli şahsyýetleriň atlary dakyldy