BIZNES

USAID Merkezi Aziýa goşmaça maýa goýumlary gönükdirer

ABŞ-nyň Halkara Ösüş agentliginiň (USAID) ýolbaşçysy Samanta Pauer Özbegistanda saparda bolup, “C5+1” sebit hyzmatdaşlygynyň çäklerinde Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň gatnaşmagynda ministrler duşuşygyna gatnaşdy.

Ministrler duşuşygynyň çäklerinde USAID-iň ýolbaşçysy Samanta Pauer ABŞ bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň çäklerinde sebite goşmaça 14,3 million dollar maliýe serişdeleriniň gönükdiriljekdigini belledi.

Sebit hyzmatdaşlygynyň çäklerinde söwdanyň möçberini artdyrmak we parnik gazalarynyň zyňyndylarynyň möçberini azaltmak babatda ylalaşdylar.

USAID Merkezi Aziýa ýurtlary bilen parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak strategiýa babatda hyzmatdaşlygyny giňelder. Şeýle hem ABŞ-nyň bu edarasy Merkezi Aziýada gümrük ulgamynyň kämilleşdirilmegi hem-de serhetýaka söwdanyň möçberini artdyrmak babatda hyzmatdaşlygyny güýçlendirer.

Şeýle hem kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek ugrunda tagalla edilip, ýaşyl ykdysadyýet ugurly taslamalaryň maliýeleşdirilmegine aýratyn üns berler.

Energetika howpsuzlygy we sebitleýin elektrik energiýasynyň söwdasy babatda hyzmatdaşlyk edilip, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri üçin goşmaça maýa goýumlar özleşdiriler.

Related posts

Birža täzelikleri: britan işewürleri ECO-93 kysymly awtobenzin satyn aldy

Saud Arabystanа barýan Russiýanyň ýük otlusy Türkmenistanyň çäginden geçdi

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwdanyň möçberi 5 esse ýokarlandy