BIZNES

Uçýan ulaglaryň ýaryşy

2020-nji ýylyñ ikinji ýarymynda dünýäde ilkinji gezek uçýan ulaglaryň ýaryşy geçiriler. Geçen ýyl “Alauda” kompaniýasy “Airspeed” atly ilkinji ulagyny hödürledi. Bu uçýan elektroulag awtoulag muşdaklaryny we beýleki öndüriji kompaniýalaryñ has hem ünsüni çekdi. Elektroulag ulgamy kem-kemden durmuşa ornaşyp barýar. Şu nukdaýnazardan bu ýaryşy geçirilmegi has hem ýerlikli bolar – diýip çaklaýarlar. Şu ýaryşyñ geçirilmegi bilen bu ulaglara isleg bildirýän awtoulag muşdaklarynyñ sany has hem artyp biler.

Şeýle ýaryşy geçirmek üçin iri kompaniýalarynyñ ýolbaşçylarynyñ arasynda geňeşmeler geçirilýär. Ýaryşy Amerikanyñ Birleşen Ştatlarynda geçirmek göz öňünde tutulýar.

Häzirki wagtda ähli öndürilýän elektroulaglarda ýörite datçik ornaşdyrylar, ol hem öz gezeginde ýokary tizlikde baranlarynda öñünden çykýan päsgelçilikleri ýeñip geçmäge kömek eder. Uçýan elektroulaglaryň tizligi sagatda 240 km-e barabar bolar.

Related posts

Baku we Türkmebaşy portlarynyň ösüşiniň sinhronlaşdyrylmagy ara alnyp maslahatlaşyldy

Meeting of Deputy Foreign Ministers of Central Asian states was held in Bishkek

vepa

«Malaý» känindäki gaz gysyjy bekedi ulanmaga taýýar