DÜNÝÄ

Uçýan taksili şäherler köpeler

Awstraliýanyň Lins şäherinde jemgyýetçilik ulaglarynyň tertibiniň üsti uçýan taksiler bilen doldurylar.

«Ýewro+» neşiriniň ýazmagyna görä, şäherde uçýan taksileriň hereketine 2021-nji ýylda badalga bermek meýilleşdirilýär. Olar diňe ýolagçy däl, dürli ýükleri hem gatnadyp biler. Taksiniň şeýle görnüşiniň synagy adamyň az ýerinde geçiriler.

Ýeri gelende aýtsak, uçýan taksi hyzmaty dünýäde ilkinji bolup Dubaý şäherinde ýola goýlar.

Related posts

Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň ylym, bilim we halkara hyzmatdaşlyk ulgamyndaky wekilleri bilen duşuşyklary geçirdi

Er-Riýadda rus-amerikan gepleşikleri geçirildi

Ankarada ýene bir gündogar alymyna heýkel dikildi