JEMGYÝET

TÜRKSOÝ-ň Baş sekretary Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny gutlady

Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Türki medeniýetiň halkara guramasy—“TÜRKSOÝ-yň” adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň üstünlikli geçirilendigi üçin hoşallyk bildirýärin.

TÜRKSOÝ-yň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli Gazagystanda, Gyrgyzystanda we Özbegistanda guralan dabaraly çäreler Türkmenistanda jemlenildi. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Aşgabatda geçirilen ýatdan çykmajak dabaralar türki halklarynyň arasynda ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmanyň aýdyň subutnamasy boldy. Siziň Alyhezretiňiziň alyp barýan köpugurly işleriňiz netijesinde Türkmenistan türki döwletleriň agzybirliginiň hem-de raýdaşlygynyň nyşanyna öwrüldi. Bu ugurda bitiren hyzmatyňyzyň ykrarnamasy hökmünde Siz “TÜRKSOÝ ordenine” mynasyp bolduňyz.

Pursatdan peýdalanyp, TÜRKSOÝ-yň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Sultan Raýew, Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary

Related posts

Katar-2022: ilkinji duşuşykda Ekwador ýeňdi

2025-2027-nji ýyllarda Arkadag Medisina klasteriniň birinji tapgyry gurlar

Ata Watan Eserleri

Aşgabat-Türkmenabat awtomobil ýolunyň ikinji tapgyryna ak pata berildi

Ata Watan Eserleri

Leave a Comment