DÜNÝÄ

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Gruziýanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Maka Boçorişwili bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Bu barada Gruziýanyň DIM-i habar berýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meselelerini, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň Gruziýa boljak geljekki sapary bilen baglanyşykly ugurlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Gruziýa bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýetine aratyn üns berildi.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da berkitmegiň geljegini belläp geçdiler we ýokary derejedäki gepleşikleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Related posts

Ýaponiýanyň Suwanose adasynda wulkan atyldy

Bakanlar Kurulu Toplantısı: BM ile ilişkiler genişletilecek

vepa

Aşgabat jemleýji resminamasy BMG-niň resmi dillerinde çap edildi

Ata Watan Eserleri