BIZNES

Türkmenistanyň tehniki ýody BAE eksport edildi

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda “A” görnüşli tehniki ýody eksport etmäge geleşik baglaşdy.

“Bereket” ýod zawody tarapyndan öndürilen önüm, Birleşen Arap Emirliklerinden bolan buýruja iberiler.

Harydyň bir tonnasynyň bahasy $32,8 müň diýlip bahalandyryldy. Umymy bahasy $1,3 mln bolan jemi 40 tonna önüm eksporta ýerleniler.

Tehniki ýod senagatda, hususan-da, sintetik kauçugyň, reňkli metallaryň, laklaryň, reňkleriň, lukmançylyk serişdeleriniň önümçiliginde we beýlekilerde giňden ulanylýar.

Related posts

«John Deere» kompaniýasy bilen ähtnama gol çekildi

Türkmenistanyň harytlary: Stambulyň sergi sahnasynda

Türkmenistanda elektron enjamlaryň önümçiligi ösdürilýär