SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Türkmenistanyň raýatlary Azerbaýjana baryp bilerler

Azerbaýjanyň hökümeti ýurda gelmäge rugsat berilýän döwletleriň sanawyny giňeltdi. Şol sanawda Türkmenistanyň hem ady geçýär. Bu barada Azerbaýjanyň resmi habarlar agentligi habar berýär.

“Azertag” habarlar gullugynyň habaryna görä, 17 ýurduň raýatlaryna Azerbaýjana barmaga rugsat berildi. Bu barada degişli resminama Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow gol çekdi. Ali Asadow “Ýörite karantin döwrüniň uzaldylmagy we käbir çäklendirmeleri aýyrmak hakyndaky” buýruga gol çekdi.

Bu resminama laýyklykda, 16-njy fewraldan başlap, Albaniýa, Dominikan Respublikasy, Filippinler, Gruziýa, Hindistan, Indoneziýa, Eýran, Kolumbiýa, Moldowa, Özbegistan, Pakistan, Peru, Täjigistan, Tailand, Tunis, Türkmenistan we Wenesuela ýaly ýurtlaryň raýatlaryna Azerbaýjana barmaga rugsat berildi.

 

Türkmenistanyň Türkiýedäki Ilçihanasy metbugat maslahatyny geçirdi.

 

Related posts

“Omikron” howa gatnawlaryna hem täsir edýär

Ata Watan Eserleri

Täze ugurlara halkara uçar gatnawlary açylar

Saglygy goraýyş, bilim we sport boýunça halkara sergi geçiriler