JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidentiniň täze kitaby – «Magtymguly — dünýäniň akyldary»

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimleri hem gatnaşdylar.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda taryhy özgertmeleriň durmuşa geçirilendigini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň has-da rowaçlanandygyny, türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýunyň halkara derejede giňden toýlanandygyny kanagatlanma bilen belledi we şu ýylyň jemlenmegi bilen bagly «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi.

Döwlet Baştutanymyz öz eserinde beýik söz ussadynyň edebi mirasynyň, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandynyň, şahyryň ýubileýi bilen bagly geçirilen çäreleriň giňden beýan edilýändigini, şeýle hem ýurdumyzda ýetilen sepgitleriň, gazanan üstünliklerimiziň jeminiň jemlenýändigini nygtap, bu kitabyň mähriban halkymyza mynasyp sowgat boljakdygyny aýtdy.

Related posts

Türkmenistan bilen UNAMA-nyň arasynda hyzmatdaşlyk

Ýanwar-aprel aýlary: Türkmenistanyň kanunlarynyň 9-sy kabul edildi

InŽenerçilik, tehniki we medisina ugurlary boýunça diplomlarynyň Ykrary

vepa