JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putine saýlawlarda gazanan ýeňşi we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.

– Bu wezipä gaýtadan saýlanmagyňyz Size bildirilen ýokary ynamyň we ýurduňyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryňyzyň görkezijisi bolup durýar. Siziň ýolbaşçylygyňyzda ýurduň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de gülläp ösjekdigine, şeýle hem Russiýanyň ähli halkynyň öňe gitjekdigine we abadançylygynyň üpjün ediljekdigine ynanýaryn.

Siziň ukyp-başarnygyňyz hem-de baý syýasy tejribäňiz Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge hyzmat eder. Biziň ýurtlarymyzyň örän giň ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyny we ysnyşykly özara gatnaşyklaryny aýdyň görkezýän ikitaraplaýyn türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellemek guwandyryjydyr.

Biz Türkmenistanda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge Siziň goşýan şahsy goşandyňyzy ýokary baha berýäris – diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi we iki halkyň bähbidine hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek boýunça bilelikdäki netijeli işleri dowam etdirmäge taýýardygyny beýan etdi.

Related posts

Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatynda saparda bolýar

WHO European High-Level Conference

vepa

Dünýäniň iň uly agaç binasy guruldy