SPORT

Serdar Rahimow Latwiýada kümüş medal gazandy

Türkmen döwlet binagärlik we gurluşyk institutynyň ikinji ýyl talyby dzýudoçy Serdar Rahimow Latwiýada geçirilen “Riga Senior European Cup 2024” halkara ýaryşynda kümüş medal gazandy.

Türkmenistanly türgen 66 kilograma çenli agram derejesinde bäsleşdi. Latwiýanyň paýtagty Rigada geçirilen halkara ýaryşa 26 ýurtdan 300-den gowrak türgen gatnaşdy.

16-17-nji martda geçirilen ýaryşda türkmen türgeniň gazanan medaly oňa has iri ýaryşlara gatnaşmaga mümkinçilik berer.

Related posts

Türkmen türgenleri Çarwadarlaryň bütindünýä oýunlaryna gatnaşýar

Honda 5 aýry yklymda tapawutlanan futbolçy

Ata Watan Eserleri

“El-Klasiko”: “Real Madrid” 2:1 hasabynda ýeňdi