JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Indoneziýanyň Prezidentine we Tailandyň Patyşasyna gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow  güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşgunlarynyň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de weýrançylyklara getirendigi zerarly Indoneziýa Respublikasynyň Prezidenti Prabowo Subianta hem-de Tailandyň Patyşasy Maha Wajiralongkorna gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu kynçylykly pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna we ýakynlaryna ýürekden gynanjyny hem-de medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Related posts

<> 20-nji fewralda tanyşdyrylar

vepa

Oraza baýramy sebäpli dynç güni

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ýokary derejedäki saparlary maslahatlaşdy