JEMGYÝET

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň günorta-günbatar sebitinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getiren ýertitreme zerarly Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpine gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Related posts

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Ata Watan Eserleri

Türkmen-täjik hökümetara toparynyň 12-nji mejlisi geçirilýär

Ahal we Lebap welaýatlaryna täze häkim bellendi