DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowa Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk oblastynda bolup geçen ýol-ulag heläkçiliginiň netijesinde Gyrgyz Respublikasynyň köp sanly raýatynyň aradan çykandygy zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Gyrgyz Respublikasynda 23-nji awgust güni Russiýada ýol-ulag heläkçiliginde aradan çykan gyrgyz raýatlarynyň hormatyna ýas güni yglan edildi.

Related posts

Täze ýylyň ilkinji güni 370 müň bäbek dünýä indi

Ahal welaýatynyň merkeziniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti döredildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we Eýranyň daşary işler ministrleri duşuşdy