HABARLAR

Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Türkiýede saparda boldy

Türkiýäniň paýtagty Ankara şäherinde Türki döwletleriniň parlament assambleýasynyň 12-nji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň başlygy Dünýägözel Gulmanowa hem gatnaşdy. Bu barada Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Mejlisiň çäginde Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň arasynda özara gepleşikler geçirildi. Onuň barşynda iki ýurduň parlamentara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türki döwletleriniň parlament assambleýasynyň 12-nji mejlisiniň çäginde parlament ýolbaşçylary Türki Döwletleriň Guramasynyň çäginde özara gatnaşyklary, hususan-da, parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdyrlar.

Türk parlamentiniň başlygy Mustafa Şentopyň metbugata beren beýanatynda mälim edişine görä, bu mejlisde Türki döwletleriniň parlament assambleýasynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda çözgütler kabul edildi.

Related posts

Aşgabatda döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk binalar toplumy gurlar

USAID we ÝB Lebap welaýatynda türkmen senetçilerine dünýä bazarlarynda satuwlaryň mukdaryny artdyrmaga kömek berýär

III Açyk halkara matematika olimpiadasy öz işini tamamlady

Leave a Comment