JEMGYÝET

Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň netijelerine bagyşlanan brifing

2024-nji ýylyň 16-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda şu ýylyň 10-11-nji sentýabrynda Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň we sergisiniň (TIF 2024) netijelerine bagyşlanan brifing geçirildi.

Bu çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ýurduň Ylymlar akademiýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, ýerli we daşary ýurt habar beriş serişdeleri gatnaşdy.

Brifingiň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow döwlet edaralarynyň, halkara guramalarynyň, maliýe institutlarynyň, şeýle hem onlarça ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekillerini bir ýere jemlän Türkmenistanyň maýa goýum forumynyň (TIF 2024) netijeliligini belläp geçdi.

Çykyşda özara bähbitli esasda maýa goýum hyzmatdaşlygy üçin täze mümkinçilikler açylýan ýurt bolan Türkmenistanyň senagat we innowasiýa ösüş ýolundaky anyk ädimleri we giň gerimli özgertmeleri hem bellenildi.

Brifingde maýa goýum forumy bilen ugurdaşlykda bolup geçen wakalara, hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň, şeýle-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagyndaky energetika, ulag-kommunikasiýa we logistika desgalarynyň açylyş hem-de düýbüni tutmak dabaralaryna aýratyn ähmiýet berildi.

Çärede Hindistan Respublikasynyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçileri, Owganystanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň wekili, halkara guramalarynyň we maliýe institutlaryň ýolbaşçylary hem çykyş etdiler.

Daşary ýurtly myhmanlar Türkmenistan tarapyndan amal edilýän  bu ädimleriň diňe bir ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine däl-de, eýsem sebit we tutuş dünýä bähbidine gönükdirilendigini, şeýle hem Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin hem möhüm şertdigini bellediler.

Related posts

Türkmen Lider’den Endonezya’ya deprem taziyesi

vepa

Adam atlarynyň manysy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Bilim ministrligi: 2026-njy ýyl üçin diplomy ykrar edilýän halkara uniwersitetler

Ata Watan Eserleri