SPORT

Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýygyndysynyň dünýä çempionatyndaky ýeňşi

Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndysy Günorta Afrika Respublikasynyň Keýptaun şäherinde hokkeý boýunça dünýä çempionatyna (üçünji diwizion) gatnaşýar. Türkmen ýygyndysy ikinji duşuşygynda Lýuksemburguň ýygyndysyny 4:1 hasabynda ýeňmegi başardy.
Türkmenistanyň ýygyndysynyň düzüminde Arslan Nuryýew, Pawel Barkowski, Arslan Geldymradow we Döwlet Hydyrow tapawutlandy.
Şeýlelikde, Baýram Allaýarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen ýygyndysy 3 utuk bilen üçünji orny eýeledi. Ikinji orunda Günorta Afrika Respublikasynyň ýygyndysy barýar. Birinji orunda bolda, Taýwanyň ýygyndysy durýar.
Türkmen ýygyndysy indiki duşuşygyny 20-nji aplrede Tailandyň ýygyndysy bilen geçirer.
Ikinji diwizion üçin 5 ýygyndy bäsşlerýär. Olar – Lýuksemburg, Tailand, Taýwan, Türkmenistan we Günorta Afrika Respublikasy.
Mälim bolşy ýaly, Aşgabadyň Gyşky oýunlary sport toplumynyň buz meýdançasynda Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndy toparynyň we Kazan şäheriniň “Ak Bars” hokkeý toparynyň arasynda dostlukly duşuşyk geçirildi. Kazanyň “Ak Bars” hokkeý klubyna üç gezek dünýä çempiony Danis Zaripow ýolbaşçylyk etdi.

Related posts

Hytaýda 19-njy Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi

Çempionlar ligasy: “Liwerpula” näme boldy?

Ata Watan Eserleri

Ronaldo Aziýanyň Çempionlar ligasy bilen hoşlaşdy

Leave a Comment