DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Türkiýede saparda boldy

2026-njy ýylyň 12-15-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň wekilleri Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berilýär.
Ankara şäherinde Türkiýe Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Migrasiýa müdirliginiň wekilleri bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn özara gatnaşyklaryň giň gerimli meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar şeýle hem yzygiderli iş duşuşyklarynyň geçirilmeginiň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ilerletmek hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek üçin täsirli gural bolup durýandygyny nygtadylar.
Taraplar hyzmatdaşlygyň migrasiýa ulgamyndaky gatnaşyklarynyň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, onuň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň däp bolan dostlukly gatnaşyklarynyň ösüşinde halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň orny barada hem aýratyn nygtaldy.

Related posts

Ahalteke atlarynyň halkara tohumçylyk geňeşini dörediler

Ştaýnmaýer: Germaniýa Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşy bolar

Fransa’dan Türkmenistan’a tarafsızlık desteği

vepa