DÜNÝÄ

Türkmenistanyň DIM-niň HGI-niň wekiliýetiniň Gyrgyzystana sapary

Bişkekde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory B.Mätliýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen Gyrgyz Respublikasynyň DIM-niň K.Dikambaýew adyndaky Diplomatik akademiýasynyň rektory Akylbek Kylyçewyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň DIM-niň HGI bilen Gyrgyzystanyň DIM-niň Diplomatik akademiýasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy we iki ýokary okuw jaýynyň arasynda akademiki we ylmy hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak ugrundaky özara ygrarlylyk tassyklandy. Taraplar bilelikdäki gözleg taslamalaryny we çäreleri guramak barada pikir alyşdylar.

Şol gün Diplomatik akademiýanyň binasynda türkmen-gyrgyz gatnaşyklarynyň ösüşine bagyşlanan tegelek stol geçirildi. Duşuşyga akademiýanyň mugallymlary we talyplary gatnaşdy.

Çykyşlaryň dowamynda Türkmenistan bilen Gyrgyzystanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni we ynsanperwer gatnaşyklaryň ösüşiniň oňyn netijesi bellenildi. Ylym we bilim pudagynda netijeli gatnaşyklaryň giňelmegi, mundan beýläkki gatnaşyklar üçin ileri tutulýan ugur hökmünde görkezildi.

Related posts

Aşgabatda TÜRKSOÝ-yň medeniýet günleri geçiriler

Tramp içerki howpsuzlyk ministrini üýtgetmek kararyny mälim etdi

GDA ýurtlarynyň Liderleriniň resmi däl duşuşygy 21-22-nji dekabrda geçiriler