DÜNÝÄ

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasarynyň Slowakiýa sapary

Şu ýylyň 16-17-nji iýulynda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet syýasy geňeşmeler we ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek üçin Slowakiýa Respublikasynda saparda boldy. Saparyň maksady iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary we özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybarat boldy.

Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Slowakiýanyň Daşary işler ministrliginiň döwlet sekretary Marek Eştok, Ykdysadyýet ministrliginiň döwlet sekretary Wladimir Şimonýak, Prezidentiň diplomatik işler boýunça geňeşçisi Ýan Kubiş, Milli geňeşiň (parlament) halkara gatnaşyklar komitetiniň başlygy Marian Keri we Slowakiýanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Peter Mihok bilen duşuşdy.

Syýasy-diplomatik ugry boýunça ýokary derejede bolmak bilen, yzygiderli ikitaraplaýyn duşuşyklary guramagyň ähmiýeti bellendi.

Şeýle hem Türkmenistan bilen Slowakiýanyň arasyndaky parlamentara hyzmatdaşlygynyň berkitmegiň ugurlary maslahatlaşyldy.

Ykdysadyýet ugry boýunça iki ýurduň arasyndaky şertnamalaýyn-hukuk binýadyny ösdürmek boýunça ylalaşyldy. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisini 2025-nji ýylda Bratislawada geçirmek boýunça ylalaşyk gazanyldy.

Medeni-ynsanperwer ugurdaky gatnaşyklar boýunça pikir alşylyp, talyplaryň alyş-çalşygyny guramak, bilelikdäki medeni çäreleri geçirmek babatda geňeşmeler boldy.

Related posts

Türkmenistanda 2030-njy ýyla çenli Milli tokaý maksatnamasy tassyklandy

Türkmen Lider, Video-Konferansla Toplantı Gerçekleştirdi

vepa

Eýranyň ýol we şähergurluşyk ministriniň Aşgabada sapary