BILIM

Türkmenistanly okuwçylar 397 medal gazandylar

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa gözegçilik edýän ulgamlarynda şu ýylyň dokuz aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, hasabat döwründe bilim işine okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ornaşdyryldy. Mekdep okuwçylary halkara ders bäsleşiklerinde 15 altyn, 32 kümüş, 55 bürünç medal, halkara internet bäsleşiklerinde 94 altyn, 99 kümüş, 102 bürünç medal gazandylar.

Halkara derejede geçirilen ders bäsleşiklerinde, olimpiadalarda talyp ýaşlar 58 altyn, 122 kümüş, 202 bürünç, toparlaýyn bäsleşiklerde 5 altyn, 11 kümüş, 17 bürünç medala mynasyp boldular.

Related posts

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine kabul edilşik

Hytaý 2021: Diplomy ykrar edilýän ýokary okuw mekdepleri

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Ýaponiýa: wodorod energiýasy boýunça Ähtnama gol çekildi