BILIM

Türkmenistanda ilkinji doly iňlis dilinde bilim berýän mekdebe taýýarlaýyş merkezi açyldy

Aşgabatda 1-nji sentýabrda Türkmenistan boýunça ilkinji doly iňlis dilinde bilim berýän «JAHAN Bilimli Çagalar Dünýäsi» mekdebe taýýarlaýyş merkezi açyldy. Okuwlar Kembrijiň irki ösüş maksatnamasy we Montessori usulyýetiniň elementleri esasynda guralar.
Okuw ýyly 39 hepde dowam eder we sapaklar diňe iňlis dilinde, Kembrij okuw kitaplarynyň esasynda geçiriler. Merkez çagalary kiçi ýaşdan iňlis diline öwretmäge hem-de halkara mekdeplerine taýýarlamaga gönükdirilýär.

Related posts

Türki Döwletleriň Guramasy: mugallymlaryň alyş-çalyş maksatnamasy

Ata Watan Eserleri

Ýurdumyzyñ 11 sany ýokary okuw mekdebi “UI GreenMetric 2024” halkara sanawyna girizildi

Birinji synpa kabul edilmek üçin gerek bolan resminamalar