DÜNÝÄ

Türkmenistan Owganystandaky terrorçylykly hereketi berk ýazgardy

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Russiýanyň diplomatik wekilhanasynyň işgärleriniň we Owganystanyň raýatlarynyň ölümine sebäp bolan Russiýa Federasiýasynyň Kabuldaky Ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň golaýynda 2022-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda edilen terrorçylykly hereketi berk ýazgarýar.

Türkmenistan, terrorçylyga garşy halkara göreşe işjeň gatnaşyjy hökmünde dünýä jemgyýetçiliginiň terrorçylyga garşy göreşmek ugrundaky tagallalaryny has-da berkitmäge çagyrýar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi wepat bolan rus kärdeşleriniň maşgalalaryna, garyndaşlaryna we dostlaryna çuňňur gynanç bildirdi.

Related posts

Türkmenistan bilen Täjigistan medeni hyzmatdaşlygy pugtalandyrar

Iň uzak wagt dowam eden “Aý tutulma” hadysasy

Russiýanyň Premýer-ministri Aşgabada gelýär