Türkmenistan bilen Tatarstanyň arasynda onlaýn duşuşyk

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Senagat we söwda ministri Albert Karimow bilen wideogepleşikleri geçirdi.

Mälim bolşy ýaly, türkmen-rus strategiki hyzmatdaşlygynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň çarçuwasynda Türkmenistan RF-niň subýektleri bilen netijeli özarahereketleriň alnyp barylmagyna aýratyn ähmiýet berýär.

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda söhbetdeşler geljekde bilelikde durmuşa geçirmek üçin ähmiýetli mümkinçiliklere eýe bolan Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň özaragatnaşyklarynyň sazlaşykly ösüşini belläp geçdiler.

Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda RF-niň Tatarstan Respublikasynyň «KAMAZ» JPJ, «Tatneft» JPJ, «Kazan dikuçar zawody» JPJ, «KER-Holding» JÇJ, «Ak bars» Gämigurluşyk korporasiýasy» PJ ýaly öňdebaryjy kompaniýalary we bu sebitiň beýleki işewürlik düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Russiýa Federasiýasynyň Tatarstan Respublikasynyň döwlet we işewürlik düzümleri bilen ygtybarly hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň çäklerinde ýurdumyz nebitgaz senagaty, maşyngurluşyk, gämigurluşyk, awtoulag tehnikasy, serwis hyzmatlarynyň berilmegi, dürli maksatly iri senagat desgalarynyň gurluşygy we düýpli abatlamasy ýaly ileri tutulýan ugurlarda ysnyşykly özarahereketleri ýola goýdy.

Söhbetdeşler şonuň ýaly-da lukmançylyk ulgamyndaky gatnaşyklaryň hem giňeldilýändigini kanagatlanma bilen belläp geçdiler. Dünýä derejesinde koronawirus ýokanjynyň ýaýramagy bilen bagly bolan häzirki şertlerde bu ugurda ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek aýratyn derwaýys häsiýete eýe bolýandyr. Bu ugurda Türkmenistanyň we RF-niň Tatarstan Respublikasynyň alymlarynyň, ýokary hünär derejeli hünärmenleriniň we lukmanlarynyň arasynda ysnyşykly gatnaşyklaryň ýola goýulmagy ylmy diplomatiýanyň gurallarynyň netijeli ulanylmagyna, şonuň ýaly-da taraplaryň pandemiýa garşy göreşmek işindäki tagallalarynyň utgaşdyrmak hereketini hemmetaraplaýyn işjeňleşdirmäge mümkinçilik berer.

Taraplar şeýle-de özara gyzyklanma döredýän geljegi uly ugurlar boýunça özarabähbitli we ygtybarly hyzmatdaşlygy geljekde-de giňeltmek hem-de pugtalandyrmak babatynda ylalaşdylar.

Related posts

Gruziýanyň Premýer-ministri: Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklary ösdürmäge taýýardyrys

Ata Watan Eserleri

Zenan futbol toparlarynyň ilkinji dünýä çempionaty geçiriler

Ata Watan Eserleri

“Atletiko Madrid” topary gazak futbolynyň ösüşine goşant goşýar

Rustam Minnihanowdan Türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk haty

ILKINJI

Öwezmyrat Ýerbendi halypany ýatlap…

Daşoguz welaýatynda ösümlik ýag kärhanasy gurlar

Ata Watan Eserleri

TOPH gaz geçirijisiniň Hyrat şäherine çenli böleginiň gurluşygy 80%-e golaý tamamlandy

Gyrgyzystan Merkezi Aziýa ýurtlaryna we Mongoliýa bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi teklip etdi

OGT 2026: Türkmenistan daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen birnäçe ylalaşyklara gol çekdi

Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Merkezi Aziýa-Gruziýa daşary işler ministrleriniň duşuşygy bolar

Ata Watan Eserleri

Merkezi Aziýanyň we Mongoliýanyň bilim ministrleriniň duşuşygy geçirildi

Ata Watan Eserleri

SOCAR kompaniýasynyň wekili Nusrat Alyýew bilen söhbetdeşlik 

«Ata Watan Media» Mobidic Group kompaniýasynyň wekili bilen söhbetdeşlik geçirdi

Türkmenistan bilen Hytaýyň tebigy gazyň söwda dolanyşygy 477 milliard kub metre ýetdi

BOTAŞ: Türkmen gazynyň Türkiýe arkaly Ýewropa üstaşyr geçirilmegi strategik maksat bolmagynda galýar

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby bölüminiň täze binalar we desgalar toplumy ulanmaga berildi

Ýaşlar – Watanyň ýagty geljeginiň binýady

Türkmenistanyň wekiliýeti ŞHG-niň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşdy