DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Täjigistan ýokary derejedäki saparlary maslahatlaşdy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Täjigistanyň daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Onuň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary hem ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn forumlaryň we duşuşyklaryň derejesinde ýokary derejedäki duşuşyklary guramagyň guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmak we giňeltmek bbaatdaky tagallalaryň ähmiýeti bellenildi.

Related posts

Er-Riýadda rus-amerikan gepleşikleri geçirildi

ŞHG-niň döwlet Baştutanlarynyň sammiti

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjan bilen BAE emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Ata Watan Eserleri