DÜNÝÄ

Türkmenistan bilen Pakistan ýokary derejeli saparlara taýýarlyk görýär

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Farýal Legari bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar täze ýylda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin bilelikdäki çäreleri mundan beýläk-de durmuşa geçirmek babatda giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-pakistan bilelikdäki hökümetara toparynyň nobatdaky altynjy mejlisiniň, iki ýurduň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň derejesinde syýasy geňeşmeleriniň we Türkmen-Pakistan işewürler forumynyň geçirilmegine aýratyn üns berildi.

Taraplar şu ýyl üçin meýilleşdirilýän ýokary derejeli döwlet saparlaryna taýýarlyk görmek meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, şu ýyl gol çekilmegi göz öňünde tutulýan ikitaraplaýyn resminamalaryň sanawyna seredilip geçildi.

Related posts

Adam söwdasyna garşy göreşmek boýunça okuw maslahaty geçirildi

Merkezi Aziýanyň Prezidentleri Türkmenistana geldi

Ata Watan Eserleri

Hazar deňzi boýunça ýaşyl energiýa geçelgesi döredilýär